Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurnamagynda çagalaryň tomusky dynç alyşlaryny täsirli guramak maksady bilen, Esenguly etrabynda ýerleşýän «Arkadagyň nesilleri» atly dynç alyş seýilgähini synlamaga gelen çagalaryň arasynda «Biz bagtyýar çagalar» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda gelejegimiziň kepili bolan ýaş nesiller hakyndaky alada ýurdumyzda alnyp barylýan döwletli işlerde özüniň mynasyp ornuny tapýar. Bu ýere ýygnan çagalar özleriniň ýürek buýsançlaryny goşgudyr aýdymlaryň üsti bilen beýan etdiler. Çagalardan döredilen toparlaryň oýunlary, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaýbaňlandyrylan görkezme çykyşlary, şadyýan bäsleşikleri biri-birine sazlaşykly goşulşyp, bu çärä özboluşly lezzet paýlady. Seýilgähde döredilen mümkinçilikler hem çagalarda uly gyzyklanma döretdi, çünki bu ýerde tomusky dynç alyş möwsümlerini şatlykly, peýdaly geçirmek üçin oňyn şertler döredilipdir. Ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi, halal zähmet çekmegi, şadyýanlykda dynç almagy üçin ajaýyp şertleri, giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!
Abat MÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.