Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn, abadan durmuşda ýaşamaklary üçin ähli şertler döredilýär. Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly, peýdaly geçirmekleri üçin aýdym-sazly çykyşlar, sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.
Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi tarapyndan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Arzuw» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň wagtyny gyzykly we netijeli geçirmeklerini gazanmak maksady bilen, «Kim çalasyn» atly sport bäsleşigi geçirildi. Birnäçe şertler boýunça ýaryşan çagalar öz çalasynlygyny, ugurtapyjylygyny görkezdiler. Işjeň gatnaşan çagalara TMÝG-niň Türkmenbaşy etrap Geňeşi tarapyndan berilen ýadygärlik sowgatlar bolsa, olaryň sporta bolan höweslerini has-da artdyrdy.
Gülbagt PÜRÇIKOWA,
TMÝG-niň Türkmenbaşy etrap
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni.