Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi we Balkanabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçilik bölümi bilen bilelikde «El hünäri – il gezer» atly şygar bilen surat çekmek we dürli kagyzlardan ýol belgileriniň şekilini ýasamak boýunça bäsleşikleri geçirildi.
Bäsleşigiň jemi jemelenenden soň bolsa, çagalara ýol hereketleriniň düzgünleri barada giňişleýin gürrüň berildi. Bäsleşige işjeň gatnaşan çagalara TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan berilen ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle çärelere işjeň gatnaşýan çagalaryň höweslendirilip durulmagy olarda özboluşly ruhubelentlik döredýär.
Ennebike ANNAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.