Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap we Esenguly etrap Geňeşleri tarapyndan «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Sagdyn nesil – kuwwatly Watan» ady bilen surat çekmek boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde çagalar dürli temalarda Watanymyzyň, tebigatymyzyň gözelliklerini wasp edýän suratlary çekdiler. Olaryň çeken suratlarynda Watanymyza, gözel tebigatymyza, bagtyýar döwrümize bolan söýgüleri aýdyň görülýär. Bäsleşige gatnaşan hem-de ýeňiji bolan çagalara TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap we Esenguly etrap Geňeşleri tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Abat MÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.