Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan taryhy ýylymyz mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahatlaryň geçirilmegi giň gerim alýar. Şeýle maslahatlaryň biri hem ýaňy-ýakynda biziň Saýat etrabymyzyň Sakar şäher medeniýet öýünde geçirildi. Maslahata kümüş saçly eneler, ak sakgally ýaşulular şeýle hem etrabymyzyň öňdebaryjy ýaşlary gatnaşdylar. Täsirli geçen aýdym-sazly dabaraly maslahatda çykyş edenler beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň watançylyk, ruhy-ahlak mowzugyndaky we ynsanperwerlige, akyl-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleriniň ýaş nesillerimize terbiýe bermekde gymmatly hazyna bolup durýandygyny aýratyn belläp geçdiler. Ildeşlerimiziň nygtaýyşlary ýaly, beýik söz ussadynyň çuňňur manyly şygyrlary ynsan kalbynyň öçmejek nurudyr. Çünki dana Pyragynyň paýhasy siňen ajaýyp şygyrlary nesilden-nesle geçmek bilen, ynsanlaryň kalbyna ornaşyp, ýaş nesillerimiziň milli ruhda terbiýelenmeginde şamçyraga öwrüldi.
Maslahatyň dowamynda etrabymyzyň medeniýet we sungat işgärleri akyldar şahyryň aýdyma öwrülen ajaýyp eserleri, owadan tanslary şeýle-de täsirli folklor çykyşlary bilen oturanlara ruhy lezzet paýladylar. Maslahata gatnaşyjylar beýik Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletini ösüşlerden-ösüşlere sary alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ogulnäz NEPESOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň
Saýat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.