ZÄHMETSÖÝERLIK BAGTYÝARLYGYŇ GÖZBAŞY

     Merdana pederlerimiz nesil terbiýesinde ýaşlaryň zähmet edebine aýratyn ähmiýet beripdirler. Çünki zähmetsöýerlik ynsany bezeýän esasy häsiýetleriň biridir. Ýaşlary zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekligiň zerurlygy dogrusynda Gahryman Arkadagymyz hem öz eserlerinde aýratyn nygtaýar. Şeýle hem soňky ýyllarda döwrebap edara-kärhanalaryň gurlup ulanylmagy berilmegi netijesinde täze iş orunlarynyň köpelmegi bilen ýaşlaryň hakyky hünär eýeleri bolmaklary, öz saýlap alan ugurlary boýunça işlemekleri, kämilleşmekleri ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Ýene-de kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi, ýaş telekeçileriň goldanylmagy, telekeçilik işine başlan ýaşlara döwletimiz tarapyndan ýeňillikleriň döredilmegi ýurdumyzda hususy önüm öndüriji we gurluşyk kärhanalaryň sanynyň ep-esli artmagyna getirdi. Şeýle kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň aglaba böleginiň ýaşlardygy bolsa aýratyn buýsançly ýagdaýdyr.

     Biz hem ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige, belent adamkärçilige ýugrulan durmuş ýörelgelerini, zähmet däplerini, asylly we milli häsiýetlerini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, ýaşlary Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemek, olarda zähmete söýgi döretmek maksady bilen şu günler wagyz-nesihat duşuşyklarynyň geçirilmegine giň ähmiýet berýäris. Çärjew etrabynyň çägindäki harby bölümlerde, edara-kärhanalarda «Zähmetsöýerlik bagtyýar we uzak ýaşamakdyr» diýen at bilen guralýan duşuşyklarda ýaşuly nesliň wekilleri, halypa bilim işgärleri çykyş edip, öz durmuş tejribelerini ýaşlar bilen paýlaşýarlar. Edilýän çykyşlarda ýurdumyzda işjeň raýatlarymyzyň asylly zähmetine ýokary baha berilýändigi, olaryň döwletimiz tarapyndan goldanylýandygy aýratyn nygtalýar.

 

Oraz AKMUHAMMEDOW,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Çärjew etrap geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA