«KIM BILMEŞEK?» BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

     Geljegimiz bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, iş başarjaň hem-de zehinli bolup ýetişmeklerini gazanmaga hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynda möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň uzak taryhyň dowamynda toplan, kämilleşdiren baý durmuş tejribesine, häzirki zaman ylmynyň, medeniýetiniň gazananlaryna daýanylyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy ahlak taýdan sazlaşykly ösmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Biz hem ýaşlary döwrebap ruhda terbiýelemek maksady bilen öňde durýan möhüm meselelere jogapkärçilikli çemeleşip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary bilen Lebap welaýatyndaky «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň wagtlaryny gyzykly hem täsirli geçirmeklerini gazanmak maksady bilen dürli mazmunly çäreleri geçirýäris. Golaýda bagtyýar körpeleriň arasynda bolup, «Kim bilmeşek?» diýen at bilen taryh, sungat, sport, syýahatçylyk, tebigat we beýleki ugurlar boýunça sorag-jogaply zehin bäsleşigini hem geçirdik.  Bäsleşigiň dowamynda «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan zehinli çagalar berlen soraglara jogap berip, özleriniň ukyp-başarnyklaryny subut etdiler. Bäsleşige işjeň gatnaşan zehinli çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary gowşuryldy.

 

Abadan DÖWLETGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Çärjew etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA