DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halky ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda ata Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şu günlerde hem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan taryhy ýylymyz mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahatlaryň geçirilmegi giň gerim alýar. Şeýle maslahatlaryň biri hem ýaňy-ýakynda Dänew etrabynyň Garaşsyzlyk şäherçe Medeniýet öýünde hem geçirildi. «Magtymguly Pyragy arzuwlan zamanaň geldi» diýen at bilen geçirilen aýdym-sazly dabaraly maslahata kümüş saçly eneler, ak sakgally ýaşulular şeýle hem etrabymyzyň öňdebaryjy ýaşlary gatnaşdylar. Täsirli geçen maslahatda çykyş edenler türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik wekili, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň watançylyk, ruhy-ahlak mowzugyndaky we ynsanperwerlige, akyl-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleriniň ösüp gelýän ýaş neslimizi belent adamkärçilikli, ýokary ahlakly, Watanymyzy, halkymyzy söýýän, zähmetsöýer ynsanlar edip ýetişdirmekde terbiýe mekdebi, gymmatly hazyna bolup durýandygyny aýratyn nygtap geçdiler. Hakykatdanam, Magtymguly Pyragy joşgunly zehinini, manyly ömrüni mähriban halkyna bagyş eden, Watanyny tüýs ýürekden söýen watançy şahyrdyr. Ol dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna giren ajaýyp, öçmejek eserlerini öz nesline miras goýan beýik akyldardyr. Beýik akyldaryň baý döredijiligi juda köptaraply bolup, onuň şygyrlarynda agzybirlige, dostluga, bitewülige çagyryş agdyklyk edýär.

     Maslahatyň dowamynda etrabymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren beýik akyldar şahyryň aýdyma öwrülen ajaýyp eserleri, owadan tanslary we täsirli folkor çykyşlary dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Maslahata gatnaşyjylar dana Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletini ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden öz alkyşlaryny beýan etdiler.

 

Maýa BEŞIMOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA