Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek boýunça kabul edilen Karary ulus-ilimizde uly ruhubelentlik döretdi. Bu ählumumy foruma taýýarlyk görmek hem-de halk demokratiýasyny üpjün etmekde, ýurdumyzy ösdürmekde Türkmenistanyň Halk maslahatynyň alyp barýan işlerini giň halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bilelikde guramagynda Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde maslahat geçirildi. «Anyk maksatlar, möhüm wezipeler» diýen at bilen geçirilen maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýaşuly nesliň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, bilim ulgamynyň işgärleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Edilen çykyşlardan hem görnüşi ýaly ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, halkymyzyň jebisligini pugtalandyrmak, abadançylygyny berkitmek, döwletimiziň kuwwatlanmagyny gazanmak we bu ugurda teklipleri işläp taýýarlamak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendir. Maslahatyň dowamynda çykyş eden ildeşlerimiz Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin alkyş sözlerini beýan etdiler hem-de Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde döwletimizi ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini özgertmekde halk we umumadamzat ähmiýetli çözgütleriň kabul ediljekdigine uly ynam bildirdiler.
Akmyrat NIKOLAÝEW,
TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.