Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen sportyny ösdürmek ugrunda giň maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, durmuş strategiýasynyň möhüm düzüm bölegi bolan sport ulgamynda döwlet syýasatynyň baş maksady sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýelemekden ybaratdyr. Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy diýen pähime eýerip adamlaryň saglygynyň aladasyny etmegini gazanmak, sporty beden hem-de ruhy kämilligiň çeşmesine öwürmek, zyýanly endikleri ýok etmek, zehinli türgenleri ýüze çykarmak we olary taýýarlamak üçin köpçülikleýin sport, wagyz-nesihat bilim we habar beriş çäreleriniň giň toplumyny yzygiderli amala aşyrmak boýunça uly işleri geçirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary, boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler, giň mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçiliklerden ugur alyp tomus paslynyň dowam edýän günlerinde çagalaryň, ýetginjekleriň boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen dürli sport ýaryşlaryny geçirýäris. Şeýle ýaryşlaryň birini Dänew etrabyndaky 7-nji sport mekdebinde hem guradyk. Ýetginjekleriň arasynda «Sport saglykdan başlanýar» şygar astynda geçirilen ýaryşlar has täsirli boldy. Onda ýaşlar sportuň gandbol we dzýu-do göreşi ugurlary boýunça ýaryşdylar. Ýaryşlar çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Çeýeligi, çalasynlygy bilen sport ýaryşyň netijesi güýçlüleri subut etdi. Şahla Suhrabowa, Erkin Aýnazarow, Arif Rozybaýew, Jasur Bagtyýarow, Eliza Jumanazarowa, Ylýas Italmazow, Intizar Rahatjanow, Mehri Kalandarowa, Sultan Abdullaýew, Alihan Atajanow, Eldar Rozybaýew, Murat Çarukylyýew dagylar öňe saýlanmagy başardylar. Ýeňijiler TMÝG-nyň Dänew etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary bilen sylaglanyldy. Ýaşlaryň abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy, kämil bilim almagy, sport bilen meşgullanmaklary, şadyýan sagdyn ösmekleri üçin ähli şertleri we mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Dursunjemal SARYÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.