BAGTDAN SERPAÝLY ÝAŞLAR

     Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatyna bagyşlap Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň häkimliginiň mejlisler zalynda maslahat geçirdik. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Halaç etrap birleşmesi bilen bilelikde guran «Bagtdan serpaýly ýaşlar» diýen at bilen geçirilen maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-guramalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.  Maslahatda hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesillerimiz üçin edýän taýsyz tagallalary dogrusyndaky çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, ýaşlaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri, sport we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary, hakyky hünär eýeleri bolup ýetişmekleri ugrunda giň maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem çykyşlarda ýaşlary millilik ruhunda we pederlerimiziň döwletlilik ýörelgeleri esasynda terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň aýratyn ähmiýete eýedigi buýsanç bilen bellenildi.

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öwüt-ündewlerinden ruhlanýan bagtyýar ýaşlar özleri hakynda çäksiz alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

 

Gandym WELLEKOW,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Halaç etrap Geňeşiniň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA