ÝAŞLAR WATANYŇ RÖWŞEN GELJEGI

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaş nesillere durmuşyň ähli gözellikleri bagyş edilýär. Ýaşlarda Watana wepalylygy terbiýelemek türkmen halkynyň häsiýetli aýratynlyklaryň biridir. Ýokary ahlaklylygyň nusgasy hökmünde ýaş nesle watançylyk terbiýesini bermekligi bolsa Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz döwlet syýasatynda baş wezipeleriň hatarynda kesgitleýär. Ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek meselesi bagtyýar zamanamyzda täze öwüşgine eýe boldy. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň bilim almaklaryna, döwletlilik ýörelgesine görä terbiýelenmeklerine, sagdyn we berk bedenli bolup, ösüp ýetişmeklerine we hünär öwrenmeklerine gönükdirilen işler maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Şol sanda nesil terbiýesinde sagdyn bedenli, iş başarjaňly, ussat ýaşlaryň kemala gelmegi ugrundaky özgertmeler netijesinde türkmen ýaşlary ýurdumyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýarlar. Biz bu hakykaty ýurdumyzyň sport durmuşy bilen baglanyşykly ösüşlerde has aýdyň görýäris.

     Hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçiliklerinden ruhlanýan ýaşlarymyz diňe bir döwlet ýa-da sebit derejesindäki ýaryşlarda däl, eýsem halkara ýaryşlarda hem ussatlyklaryny subut edip gelýärler. Ynha şu günler Pariž şäherinde dowam eden olimpiýa oýunlarynda hem ýaş türgenlerimiziň üstünliklerine guwanmak biz üçin uly bagtdan nyşandyr. Bu beýik ýeňişler ýurdumyzda köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni ösdürmekde döredilýän mümkinçilikleriň guwandyryjy netijeleridir. Şeýle hem sportuň, sagdynlygy, ruhubelentligiň ýurdy diýlip ykrar edilen ýurdumyz halkara sport ýaryşlarynyň hem geçirilýän esasy ýerleriniň birine öwrüldi. Biz türkmen türgenlerine ýene-de beýik sport ýeňişlerini arzuw edýäris.

     Ýaşlar barada tutumly aladalary, Watanymyzyň ýagty geljegi üçin mähriban halkymyzyň abadan hem bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli aladalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Sabina BALTAÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 28 okalan

HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYK DÄPLERINE EÝERIP

22 Noýabr 2024 | 25 okalan

DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

20 Noýabr 2024 | 5956 okalan

MERDANA OGLANLAR BÄSLEŞDILER