«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygar astynda geçýän şanly ýylymyzda agzybir halkymyzyň uly ruhubelentlik bilen ýene bir möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakasyna — Türkmenistanyň Halk maslahatyna garaşýar. Hormatly Prezidentimiziň bu ählihalk çäresini guramaçylykly geçirmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alnyp şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde maslahatlaryň geçirilmegi giň gerime eýe bolýar. Biz hem öňde geçiriljek Türkmenistanyň Halk maslahatyna taýýarlygyň çäklerinde Lebap welaýat kitaphanasynda tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdik. «Türkmenistan täze ösüşler bilen ynamly öňe barýar» diýen at bilen geçirilen bu duşuşyga TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Atajan Joraýew, TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Döwran Hemraýew, TDP-niň Lebap welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy Maýsa Begliýewa, Lebap welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Amangözel Tagandurdyýewa gatnaşdylar.
Edilen çykyşlarda ýurdumyzda döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda, täze sepgitlere ýetmekde, halk bilen döwletiň sazlaşykly işini dowam etdirmekde, milli demokratiýany ösdürmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň giň gerimli işleri alyp barýandygy uly buýsanç bilen nygtaldy. Bagtyýar ýaşlar döwrüň belent özgertmeleriniň arasynda bolmagyň özleri üçin uly bagtdan nyşandygyny nygtadylar. Olar halkymyzy ösüşiň belentlikleri bilen beýik geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize öz hoşallyklaryny beýan etdiler.
Döwran HEMRAÝEW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň
Türkmenabat şäher Geňeşiniň bölüm müdiri.