Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň 2115 harby bölümi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde guramagynda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň 2115 harby bölüminde çagyryş boýunça gulluk edýän ýaş esgerleriň arasynda «Watan serhetden başlanýar» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Çäräniň dowamynda çykyş edenler Watan goragy hakynda, onuň mukaddesligi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek ugrunda taýsyz tagallalary edýän, merdana nesiller bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Alfiýa ŞEMMIÝEWA,
TMÝG-niň Esenguly etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.