BIZ BAGTYÝAR DÖWRÜŇ SAÝRAK BILLERI

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramaklarynda Esenguly etrabynda ýerleşýän ‹‹Arkadagyň nesilleri›› atly dynç alyş seýilgähinde çagalaryň arasynda ‹‹Biz bagtyýar döwrüň saýrak billeri›› atly aýdym-sazly duşuşyk geçirildi.

     Tomus paslynyň sapaly günlerinde welaýatymyzyň ähli ýerlerinde şadyýanja çagalaryň şatlyk-şowhuna beslenen pursatlary bagtyýarlykda dowam edýär. Şeýle ajaýyplyklara beslenen günlerde bu ýeri synlamaga gelen çagalaryň kalby buýsançdan dolup, ýerine ýetiren goşgulary, hoş owazly aýdymlary bagtyýar zamanamyzyň waspy bolup ýaňlandy. Şadyýan nesilleriň aýdymdyr sazlaryň sazlaşykly heňine goşulyp ýerine ýetiren tanslary çärä gatnaşanlara täsirli pursatlary bagyş etdi.

     Çäräniň ahyrynda bagtyýar çagajyklar ýurdumyzy bagtly çagalygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Abat MÄMMEDOWA,

TMÝG-niň Esenguly etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Indiki makala

GÄMILI GEZELENÇ

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 21 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 32 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 38 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR