Häzirki wagtda tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde ýurdumyzyň dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç almaga gelen çagalaryň arasynda dürli bäsleşikler şeýle-de medeni çäreler yzygiderli geçirilýär.
Ýakynda ösüp gelýän ýaş nesilleri döredijilige höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň gurnamagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Bu gün ýaş nesiller ýazýar sen hakda, ylhamymyň gözbaşy sen Pyragy» atly şygar astynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Şowhunly geçen bäsleşikde ýeňiji bolan çagalara TMÝG-niň Türkmenbaşy etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Agzybir halkymyzy abadan, bagtyýar durmuşyň goýnunda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunymyzy aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Gülbagt PÜRÇIKOWA,
TMÝG-niň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.