Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň gurnamagynda Gyzylarbat etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň Gyzylarbat etrap Sport toplumynda ýaşajyk raýatlaryň gatnaşmagynda «Hereketlilik saglygyň sakasy» ady bilen sportyň suwda ýüzmek görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik çagalaryň tomus paslyny şadyýan we şowhunly geçirmeklerini gazanmak hem-de olaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen geçirildi.
Bäsleşikde ýaş türgenler özleriniň suwda ýüzmek boýunça ussatlyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň netijeleri boýunça 1-nji orna 29-njy orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Amanguly Orazdurdyýew, 2-nji orna 24-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Gutlyýew Ýusupgeldi, 3-nji orna bolsa 29-njy orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Annaýew Hatamhalit dagylar mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Gülruh NAZAROWA,
TMÝG-niň Gyzylarbat etrap
Geňeşiniň esasy hünärmeni.