MAŞGALA AGZYBIRLIGI – DÖWLETLILIGIŇ GÖZBAŞY

     Halkymyzda gadymdan gelýän asylly ýörelgeler bar. Şol ýörelgeler, däp-dessurlar maşgaladan başlanýar. Jemgyýetiň berkligi, döwletiň berkararlygy hem maşgalanyň jebisligi bilen aýrylmaz bagly bolup durýar. Ýakynda şular dogrusynda «Maşgala agzybirligi – döwletliligiň gözbaşy» atly şygar bilen Bereket etrap tikin fabriginiň mejlisler zalynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     Duşuşykda halkymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, mynasyp nesli kemala getirmek babatda ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işler dogrusynda çuň manyly çykyşlar edildi. Çykyş edenler maşgala gymmatlyklary, edep-terbiýe, maşgala näçe berk boldugyça jemgyýetiň şonça baý bolýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň eşretli we bagtyýar durmuşy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Gülälek ÝAGŞYMYRADOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Bereket etrap

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 82 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 71 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 58 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT