ARZUWLARYŇ HASYL BOLDY, GÖR, INE, BAGTLY DÖWRÜŇ BUÝSANJY SEN, PYRAGY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz gün-günden gülleýär, gül açýar. Gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjegi bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy tomusky dynç alyş möwsüminde öz işini dabaraly alyp barýar. Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan, «Arzuwlaryň hasyl boldy, gör, ine, bagtly döwrüň buýsanjy sen, Pyragy» atly şygar bilen ýurdumyzyň bagtyýar çagalarynyň tomusky dynç alyş möwsümini täsirli geçirmek maksady bilen, «Älemgoşar» seýilgähinde «Lebap» çagalar we ulular sagaldyş-dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda gezelenç guraldy. Gezelençde çagalar wagtlaryny gyzykly we şadyýan geçirdiler.

     Tomusky dynç alyş möwsüminde wagtlaryny şadyýan geçirýän çagalar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Maýagül GARAJAÝEWA,

TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 21 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 32 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 38 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR