Şu gün Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň ähmiýeti boýunça duşuşyk geçirildi. Onda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde garalan meseleler, şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşlygy hem-de geçirilen iş maslahaty dogrusynda gürrüňler edildi.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Arkadag şäherini ösdürmek boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar. Bu bolsa täze şäheriň binagärlik keşbiniň döwrüň talabyna laýyk derejede özgerdilmegini şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Çykyşlarda oňa gatnaşyjylar aýratyn-da şäheriň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän Çeper halyçylyk kärhanasynyň ähmiýeti dogrusynda buýsanç bilen gürrüň etdiler. Şeýle hem ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri hem-de bu syýasy çäräniň halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekdäki ähmiýeti barada belläp geçdiler.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.