BILIMLI NESIL – KUWWATLY WATAN

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň guramagynda Gyzylarbat etrabyndaky «Dana» bilim merkezinde bilim alýan ýaş nesillerimiziň gatnaşmagynda «Bilimli nesil – kuwwatly Watan» ady bilen bäsleşik geçirildi. Bilşimiz ýaly günsaýyn ösüşlere beslenýän ajaýyp Diýarymyzda, bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy ýaş zehinlerimiziň döwrebap bilim almaklaryna we olaryň ösen jemgyýetde ulalyp kemala gelmeklerine uly ýardam berýär. Şu nukdaýnazardan, «Bilimli nesil – kuwwatly Watan» atly bäsleşik ýaş zehinlerimiziň sanly ulgam hem-de kompýuter tehnologiýasynda bilim derejelerini ýokarlandyryp, täze tehnologiýalardan oňat baş çykarýan ökde hünärmenler bolup, ata Watanymyzyň ösüşine, goşant goşmaklaryna höwes döretmek maksady bilen geçirildi.

     Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolan matematika dersini özleşdirýän Abdulla Berdiýew 1-nji orna, iňlis dili derslerini özleşdirýän Akgül Nurberdiýewa 2-nji orna we Dawut Kürräýew 3-nji orna eýe boldular. Ýeňijilere we onda başarjaňlyk bilen çykyş edenlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Altynaý MÄMMETNAZAROWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat

etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 21 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 32 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 38 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR