WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

 

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi we şäher Polisiýa bölümi tarapyndan, «Daýanç» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalara köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, ýaşlarymyzyň watansöýüji, zähmetsöýer, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi ugrunda bimöçber işleriň alnyp barylýandygy dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de dynç alýan çagalarymyza ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý edip, ýol belgileri şeýle-de pyýadalaryň ýol hereketine has ünsli bolmak barada giňişleýin maglumat berildi.

 

Maýagül GARAJAÝEWA,

TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 82 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 71 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 58 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT