Düýn Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda «Halk bähbitli döwletli işler rowaçlanýar» atly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik ýazgy edildi.
Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Arkadag şäheriniň Maliýe müdirliginiň wekilleri gatnaşdylar. Söhbetdeşlige gatnaşanlar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sentýabr aýynyň 24-ne geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, şeýle hem Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri barada, aýratyn-da bu syýasy jemgyýetçilik çäresinde ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy babatda öňde durýan wezipeler dogrusunda gürrüňdeş boldular.
Mämmedaly ORAZALIÝEW,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň esasy hünärmeni.