Gahryman Arkadagymyz: «Türkmeniň täze taryhynda indiki wezipämiz eziz Watanymyzy mundan beýlägem gülledip ösdürmekden ybaratdyr. Bu wezipäni Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerimizi has-da berkitmek, halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmak arkaly amala aşyryp bileris. Ine, hut şu işlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny uludyr» diýmek bilen, türkmen jemgyýetinde demokratik ýörelgeleriň barha uly ähmiýete eýe bolýandygyny, şeýle hem rowaçlanýandygyny beýan edýär.
Häzirki wagtda ýurdumuzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka öwrüljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmeklige giňden taýýarlyk görülýär. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde we demokratik başlangyçlary mundan beýläk-de ösdürmekde bu maslahatyň ägirt uly taryhy ähmiýeti bar.
Bu işler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan hem meýilnamalaýyn alnyp barylýar. Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäreleri, maslahat duşuşyklary hem-de «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler yzygiderli guralýar.
Şeýle çäreleriň biri-de, şu gün, Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda geçirildi. «Jebislik – ösüşleriň kepili» ady bilen geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikde Halk Maslahatynyň ähmiýeti, bu döwletli maslahaty geçirmekde görülýän taýýarlyk işleri, aýratyn-da ýaşlaryň oňa gatnaşygy babatynda gürrüňler edildi.
Şeýle hem çykyşlaryň her birinde halk demokratiýasyny dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Mämmedaly ORAZALIÝEW,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.