SAPALY DYNÇ ALÝARLAR

Şadyýan tomus – 2024

     Gyzgalaňly dowam edýän tomusky dynç alyş möwsüminde «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Bu ýerde olaryň döredijilik ukyplaryny, zehinlerini açyp görkezmeklerine uly mümkinçilikler döredilýär. Merkezde çagalaryň tomusky dynç alşynyň göwnejaý guralyşy barada merkeziň müdiri Döwran Turaýew bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:

     - Bu ýerde çagalyk dünýäsiniň ajaýyp pursatlary – mizemez dostluk, egsilmez şatlyk bar. Merkezde çagalaryň dynç alyş möwsümi üç tapgyrda guralýar. Möwsümiň dowamynda däbe öwrülen syýahatlar çagalaryň göwünlerini göterýär. Merkezde dynç alýan çagalar bilen Görogly etrabynda ýerleşýän Yzmykşir galasyna, welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, seýilgählere gezelençler guralýar. Munuň özi, geçmişimize çuňňur sarpa goýýan, kämil düşünjeli, watansöýüji nesilleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Merkezde çagalaryň wagtlaryny gyzykly we şadyýan geçirmekleri üçin Dursunjemal Amanowa, Dilşada Atajanowa, Şatham Haýdarjanow ýaly mugallymlaryň yhlasly zähmetleri bolsa aýratyn bellärliklidir. Çagalyk dünýäsiniň unudylmajak ýakymly duýgulary bilen gurşalan merkeze gelýänleriň ünsüni halkymyzyň naýbaşy ýörelgeleri bolan dostlugyň, edep-ekramlylygyň aýdyň şöhleleri özüne çekýär. Tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly hem-de şadyýan geçirýän her bir bagtyýar çaganyň gözlerinden hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza, eziz Watanymyza bolan çäksiz söýgüni duýmak bolýar.

 

Azada ORAZOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.