DÜNÝÄNIŇ GÖRKI, MAŞGALANYŇ ÖRKI – TÜRKMEN ZENANY

     Golaýda şeýle at bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, etrap medeniýet öýünde wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Tükmen gelin-gyzlarynda halkymyza mahsus milli ýörelgeleri kemala getirmek, maşgala mukaddesligini gorap saklamakda zenan maşgalanyň tutýan ornuny wagyz etmek maksady bilen geçirilen duşuşyga etrap häkimliginiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri, bilim, medeniýet, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynda dürli kärlerde zähmet çekýän aýal-gyzlar, mährem eneler gatnaşdylar. Onda etrap häkiminiň orunbasary Bahar Garaýewa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy, etrabyň Zenanlar guramasynyň başlygynyň orunbasary Şasenem Orazowa, Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň bölüm müdiri Altyn Atakowa, etrabyň merkezi kitaphanasynyň direktory Ogulboldy Öwezowa, etrabyň 3-nji sport mekdebiniň usulyýetçisi Soltanbibi Sarybaýewa, etrap hassahanasynyň lukmany Gülnar Hangeldiýewa, etrabyň ýaşaýjysy, mährem ene Bibihajar Rozmetowa dagylar maşgala mukaddesligini gorap saklamakda, çagalary milli ruhda terbiýelemekde, maşgalada we jemgyýetde zenan maşgalanyň tutýan orny, ýurdumyzda zenanlara goýulýan belent hormat-sarpa, enäniň we çaganyň saglygyny goramakda döwletimiz tarapyndan döredip berilýän giň mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin we täsirli çykyşlary etdiler.

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.