Her güni şanly wakalara beslenýän «Pähimpaýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalaryň birnäçesi dynç alyp, wagtlaryny gyzykly, täsirli geçirýärler, bagtyýar nesilleriň bagta ýugrulan gülki sesleri has belentden ýaňlanýar. Ine, bu günde Bagtyýar çagalygyň arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdunda Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan çagalaryň, Arkadag şäherinde geçirilen halkara matematika olimpiadasynda 1-nji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylarynyň, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan çagalaryň gatnaşmagynda «Awaza – dostlugyň mekany» atly medeni-köpçülik çäreleri geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan «Owadan dünýämizi bilelikde goralyň» ady bilen sorag-jogap alyşmak boýunça toparlaýyn bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde çagalar tebigaty gorap saklamakda ýerine ýetirilmeli düzgün-tertipler boýunça gyzykly sorag-jogaplar alyşdylar. Emin agzalaryň gelen netijeleri boýunça 1-nji orna «Dostluk» topary, 2-nji orna «Awaza» topary, 3-nji orna bolsa «Doganlyk» toparlary mynasyp boldular. Ýeňiji bolan toparlara TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Ennebike ANNAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
Umumy bölüminiň müdiri.