TÄSIRLI GEÇEN SÖHBETDEŞLIK

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň guramagynda welaýat kitaphanasynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyklar, şeýle hem ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegini üpjün etmekde ýaşlaryň orny barada täsirli söhbet edildi.

     Söhbetdeşlikde bellenişi ýaly, halkymyzyň her bir işi geňeşli etmek ýörelgesi döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny beýan edip, ata-babalarymyzyň köp asyrlaryň dowamynda toplan taryhy tejribesini özünde jemleýär. Gadymy döwürlerde hem wajyp ykdysady, syýasy, harby meseleler ilatyň giň gatlaklarynyň gatnaşmaklarynda, aýratyn-da ýaşuly nesliň wekilleri bilen maslahatlaşylyp çözülipdir. Halkymyz hemişe ýaşuly nesle aýratyn hormat bilen garap, il-ýurt bähbitli işlerde olaryň baý durmuş tejribesine daýanypdyr we maslahatly çözgütleri kabul edipdir. Pederlerimizden dowam edip gelýän, agzybirligi, parahatçylygy, jebisligi, asudalygy ündeýän asylly ýörelgelerimize eýermek bilen geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň kabul edýän il-ýurt bähbitli çözgütleri ýurdumyz we halkymyz üçin örän ähmiýetlidir. Ol döwlet Baştutanymyzyň döwleti dolandyrmaklygy ata-babalarymyzyň tejribelerinden ugur alyp, häzirki zamanyň şertlerine laýyklykda has kämil, dünýä nusgalyk derejä çykarýandygyny görkezýän syýasy-jemgyýetçilik mekdebidir. Häzirki ajaýyp zamanamyzda halk demokratiýasynyň bu hakyky ýörelgesi ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda mynasyp orun eýeleýär we agzybir halkymyzyň ata-babalarymyzyň parasatly pähimlerine ygrarlydygyny ýene-de bir gezek aýdyň tassyklaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem ýurdumyzyň taryhyna şanly waka bolup ýazylar. Onda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek, halkymyzyň abadançylygyny we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça möhüm ähmiýetli çözgütler kabul ediler.

     Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözleri aýdyldy.

 

Guwanç ÇENDIROW,

TMÝG-niň Balkan welaýat

Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 21 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 32 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 38 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR