Ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Balkan» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň gurnamagynda «Başarjaň körpeler» atly şygar bilen bäsleşik geçirildi.
Tomusky dynç alyş möwsüminde zehinli çagalary ýüze çykarmak, olaryň wagtlaryny şadyýan geçirmek maksady bilen geçirilen bäsleşige şol ýerde dynç alýan körpejeler işjeň gatnaşdylar. Olar surat çekmek boýunça özara bäsleşip, gözel tebigatymyzy, Watanymyzyň ösüşlerini öz ajaýyp eserlerinde beýan etmegi başardylar.
Şowhunly geçen bäsleşikde öz deň-duşlaryndan tapawutlanyp, ýeňiji bolan çagalara TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Baýramgül ESENOWA,
TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň
şahamçasynyň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.