HAZAR DEŇZINIŇ DEŇIZ GURŞAWYNY GORAMAK

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan Hazar deňziniň güni mynasybetli «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Çarlak» myhmanhanasynyň uly mejlisler zalynda «Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak» atly şygar bilen maslahat duşuşygy geçirildi.

     Maslahatda Hazarýaka döwletleriniň gojaman deňziň daşky gurşawyny goramaga aýratyn ähmiýet berýändikleri, şeýle-de biziň ýurdumyzyň ähli ykdysady we önümçilik işlerinde sebitiň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek we daşky gurşaw meselesinde durmuşa geçirilýän özgertmeleriň ykrar edilen halkara ülňülerine laýyk gelmelidigi bilen baglanşykly garaýşa ygrarlydygy dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler.

     Duşuşygynyň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Umyt BAÝHANOW,

TMÝG-nyň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 81 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 69 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 55 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT