WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap Geňeşiniň etrap jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda Bereket etrap tikin fabriginiň mejlisler zalynda şol fabrikde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň syýasy we jemgyýetçilik ähmiýeti barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     Duşuşykda «Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyklar, şeýle hem ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegini üpjün etmekde ýaşlaryň orny barada çykyş edildi. Çykyşlarda bellenişi ýaly, il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözmekde, milli demokratik däplere eýermek we jemgyýetçilik pikirini nazara almak halkymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgesidir. Halk Maslahaty ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge we halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen wezipeleri çözmek maksady bilen yzygiderli işler alyp barýar. Baş baýramymyz bolan Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi, jemgyýetçilik we döwlet durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolup, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, daşary syýasy abraýyny pugtalandyrmakda, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda ýeneki tutumly işlere badalga bolar.

     Duşuşygyň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Gyzlargül GURBANALYÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Bereket etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 21 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 32 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 38 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR