SAGLYK – RUHY BAÝLYK

     Ýaňy-ýakyndaTürkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Etrek etrap Geňeşiniň Etrek etrap Medeniýet bölümi hem-de etrap bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde gurnamagynda etrabynyň sport mekdebinde,şol sport mekdebine gatnaýan türgenleriň gatnaşmagynda «Saglyk – ruhy baýlyk» atly şygar bilen medeni sport çäresi geçirildi.

     Çäräniň dowamynda etrap sport mekdebiniň türgenleri sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşip, ýaryşlarda gazanylan kuboklarynyň we Hormat hatlarynyň sergisi gurnaldy. Çäre gatnaşyjylaryň sergilere tomaşa etmegi ýeneki sport ýaryşlarynda ýeňişlere ruhlandyrdy. Etrabyň medeniýet bölüminiň döredijilik toparlary tarapyndan sporty wasp edýän aýdymdyr sazlar ýerine ýetirildi.

     Geçirilen medeni sport çäresine gatnaşan türgenler özleri üçin sport bilen meşgullanmaga, saglygy berkitmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

 

Mukam ÇÜRIÝEW,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Etrek etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 81 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 69 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 55 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT