Golaýda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde gurnamaklarynda edara kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda gezelenç çäresi geçirildi.
Ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek we gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza, milli gymmatlyklarymyza, taryhy ýadygärliklerimize hormat goýmaklaryny gazanmak maksady bilen geçirilen bu gezelenç çäresinde ýaşlarymyz ýurdumyzda ýerleşýän milli ýadygärliklerimiziň suratly şekillerine, milli gymmatlyklarymyz bolan saz gurallarymyza, gadymy hem müdimi haly we beýleki dokma önümleriniň sergilerine syn etdiler.
Gezelenjiň dowamynda milli mirasymyzy öwrenmäge, olary nesilden-nesle geçirmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdyldy.
Baýramgül ESENOWA,
TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet
Konserniniň şahamçasynyň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.