Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde gurnamagynda etrabyň 3-nji çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda sport bäsleşigi geçirildi.
Çagalaryň tomus möwsüminde wagtlarynyň peýdaly we gyzykly geçmegini, olaryň berk bedenli, sagdyn bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen geçirilen ýaryşa mekdebe taýýarlaýyş toparyna gatnaýan çagalar uly höwes bilen gatnaşdylar.
Çekeleşikli geçen bäsleşikde körpeler birnäçe şertler boýunça ýaryşyp, özleriniň sport ukyplaryny görkezdiler. Çärä gatnaşyjylar körpe nesilleriň bagtyýar ýaşamaklary ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Alfiýa ŞEMMIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.