Ýaňy-ýakynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat, Balkanabat şäher Geňeşleriniň we «Türkmennebit» DK-niň şahamçasynyň bilelikde gurnamagynda ýaşlaryň arasynda brifing duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisine giň gerimde görülýän taýýarlyk işleri, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka boljak, ýurdumyzda milli demokratiýany mundan beýläk-de dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljak Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde kabul ediljek kararlaryň ähmiýeti ýaşlara wagyz edildi.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan konstitusion özgertmeler bilen baglylykda alnyp barylýan işler barada ýaşlaryň çykyşlary we Türkmenistanyň Halk maslahatynyň olaryň Watanymyza bolan buýsanjyny goşalandyrýandygy dogrusynda ýürek buýsançlary diňlenildi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Ananýaz SAPAÝEWA,
TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.