MAŞGALA MUKADDESLIGI – HALKYMYZYŇ MILLI TERBIÝESINIŇ GÖNEZLIGIDIR

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Etrek etrap Geňeşiniň, Etrek etrap bilim bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, maşgala mukaddesligine söýgi döretmek we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Maşgala mukaddesligi – halkymyzyň milli terbiýesiniň gönezligidir» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     Ýurdumyzda her bir maşgalanyň asuda, bagtyýar ýaşamagy üçin durmuşa geçirilýän uly işler, gadymdan gelýän asylly ýörelgelerimiziň biri bolan maşgala mukaddesligi, ýaşlaryň şol ýörelgelerden ugur almalydyklary baradaky täsirli gürrüňler çykyşlaryň özenini düzdi. Şeýle hem çykyşlaryň her birinde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýdylyp, pederlerimizden miras galan maşgala mukaddesliginiň has-da berkäp, dowamat dowam bolmagy arzuw edildi.

 

Mukam ÇÜRIÝEW,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Etrek etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

08 Iýul 2025 | 42 okalan

KÖŇÜLLERIŇ NAZARGÄHI

07 Iýul 2025 | 29 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR

07 Iýul 2025 | 25 okalan

AÝDYŇ GELJEGE TARAP