Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan, TNGIZT-nyň medeni sport toplumynyň kiçi mejlisler zalynda ýurdumyzda geçiriljek halk maslahatynyň nobatdaky mejlisi dogrusynda «Geňeşli halk döwletlidir» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelerine laýyklykda hereket edýän, ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriniň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmäge gönükdirilen ýokary wekilçilikli edaradygy,.häzirki döwürde halkymyz döwletiň syýasy durmuşynda has täsirli orun eýeläp, geçen döwürde geňeş esasan ýaşulular bilen geçirilen bolsa, indi ýaşlaryň pikiriniň hem has täsirli bolup durýandygyny buýsanç bilen belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Gurbanmyrat ABDYLWELIÝEW,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.