Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap Geňeşiniň etrap jemgyýetçilik guramalary we Bereket etrap çeper halyçylyk kärhanasynyň bilelikde gurnamagynda, şol kärhananyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi, täze eýýamyň belent maksatlary barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Bereket etrap çeper halyçylyk kärhanasynda zähmet çekýän hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilen çärede «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyklar, şeýle hem ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegini üpjün etmekde ýaşlaryň orny barada çykyşlar edildi. Duşuşykda bellenişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri berkitmekden, döwletimiziň hukuk esaslaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmekden, jemgyýetde demokratik däpleri pugtalandyrmakdan hem-de halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmekden ybaratdyr. Bular boýunça öňde duran möhüm meseleleri maslahatlaşyp, olary üstünlikli çözmekde, wezipeleri anyk kesgitlemekde Halk Maslahatynyň aýratyn uly ähmiýeti bar.
Çykyşlaryň her birinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Gülälek ÝAGŞYMYRADOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Bereket etrap
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.