Ýakynda Balkan welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, welaýat jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda zenanlara goýulýan sarpa, ene mamalarymyzdan miras galan millilik dogrusynda ýaş gelin-gyzlaryň, talyp gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda zenan edebi we mertebesi, ony gorap saklamak, ruhy-ahlak ýörelgelerimiz, millilik, gözellik, edep-ekram, maşgala we nesil terbiýesi, türkmen gyz-gelinleriniň asyllylygy barada giňişleýin gürrüň edildi. Çäräniň dowamynda çykyşlarda ýurdumyzda enelere hormat goýmakda, döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan uly ähmiýetli işlerde zenanlaryň tutýan ornunyň hem belentdedigi barada aýdylyp, müňýyllyklaryň dowamynda has ýokary derejä galan milli mukaddeslikleri gorap saklamagy we türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan päklik, arassalyk, halallyk, wepalylyk ýaly gylyk-häsiýetleri dowam etmekligi belläp geçildi. Şeýle-de ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan hormat-sarpasynyň belentligi, döwletimizde olaryň deňhukuklygyny üpjün etmekde, syýasy we jemgyýetçilik işlerine çekmekde durmuşa geçirilýän çäreler barada giňişleýin gürrüň berildi.
Uly täsirlere beslenip geçen çärä gatnaşanlaryň her biri çykyşyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutýan tutumlarynyň mundan hem beýläk rowaçlanmagyny arzuw etdiler.
Gözel SAPARMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.