Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi etrap bilim bölümi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrabyň 9-njy orta mekdebiniň mejlisler jaýynda, bilim bölüminde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işlerini ýaşlar köpçüligine giňişleýin ýetirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.
Duşuşygyň barşynda çykyş edenler häzirki günlerde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmeginde ýurdumyzyň her bir gününiň ynamly ertirlere, taryhy wakalara beslenýändigi, şeýle-de ýatda galdyryjy wakalara baý boljak Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň hem giň gerime eýe bolup, oňa görülýän taýýarlyk işleriniň barha ýaýbaňlandyrylýandygy dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler. Şeýle hem çykyşlarda halkymyzy bagtyýarlygyň gujagynda ýaşadýan hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş sözleri aýdyldy.
Abat MÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.