Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebinde, bilim edaralarynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň giň gerime eýe bolýan bilim özgertmeleriniň düýp özeninde ýaş nesillere döwrüň ösen talaplaryna laýyk bilim-terbiýe bermek, dürli hünärleri öwretmek, ylma, döredijilige ugrukdyrmak ýaly asylly maksatlaryň ýatandygy, şonuň netijesinde hem ýurdumyzyň bilim edaralarynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilip, tehnologiýanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylýandygy, kämil tehnologiýaly bilim ojaklarynyň gurulýandygy, şol mekdeplerde bilim alýan ýaşlaryň Watanymyzyň geljekki ösüşleri üçin esasy hünärmenler hem-de bilermenler bolup ýetişýändikleri dogrusynda buýsanç bilen belläp geçdiler. Şeýle hem, ösen aň-düşünjeli, ukyp-başarnykly ýaşlary kemala getirmek, sanly bilim ulgamyny kämilleşdirip, ony durmuşymyza giňden ornaşdyrmak babatynda ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsunlaryny aýtdylar.
Rejepmämmet GAÝYPOW,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.