BERKARAR DÖWLETIŇ ÝAŞLARY – BAGTYÝAR GELJEGIŇ BINÝADY

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Balkan welaýatynyň Etrek etrap Geňeşiniň gurnamagynda ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak hem-de olarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek, zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak maksady bilen, etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda ýaşlara döredilýän mümkinçilikler, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda, olary goldamakda we höweslendirmekde, ýaşlarda raýatlyk, watançylyk, ruhy-ahlak duýgylaryny terbiýelemekde we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmakda alnyp barylýan işler dogrusynda buýsanç bilen belläp geçdiler. Şeýle hem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyza okamaga, öwrenmäge hem-de döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

 

Mukam ÇÜRIÝEW,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Etrek etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

08 Iýul 2025 | 2 okalan

KÖŇÜLLERIŇ NAZARGÄHI

07 Iýul 2025 | 22 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR

07 Iýul 2025 | 22 okalan

AÝDYŇ GELJEGE TARAP