Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli hem-de Halk maslahatyna görülýän taýýarlyk işlerini halk köpçüligine giňden wagyz etmek maksady bilen, «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Geçirilen söhbetdeşlik duşuşygyna Balkan welaýatynyň edara kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar, welaýat jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary gatnaşdy.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmäge ykjam taýýarlyk görülýändigi we bu ugurda meýilnamalaýyn alnyp barylýan maslahat duşuşyklary, wagyz-nesihat çäreleri hem-de bu syýasy jemgyýetçilik çäreleriniň ähmiýeti dogrusynda ýaşlara gürrüň berip, halk demokratiýasyny dabaralandyrmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Rejepmämmet GAÝYPOW,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.