Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi etrap bilim bölümi bilen çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümleriniň tamamlanmagy mynasybetli «Arkadagyň nesilleri» atly dynç alyş seýilgähine gelen çagalaryň arasynda «Hoş gal, tomus!» atly şygar bilen aýdym-sazly medeni dynç alyş çäresini geçirdi.
Çäräniň dowamynda körpejeleriň arasynda birnäçe oýunlar, bäsleşikler guraldy. Watanymyzy wasp edýän saýrak bilbilleriň joşgunly aýdymdyr-sazlary, ýürek buýsançlary bolup ýaňlanýan goşgulary bolsa tomaşaçylarda ruhubelentlik döretdi. Çäräniň dowamynda ýüzleri gülkiden, ýürekleri begençden doly körpejeler özlerine döredilip berilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdiler.
Tagandurdy TAGANDURDYÝEW,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň başlygy.