RÖWŞEN GELJEGE BADALGA

     Soňky ýyllarda ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösüşini halkara derejelere çykarmak, ýaş nesliň kämil bilimleri ele almaklaryny gazanmak maksady bilen sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegine giň ähmiýet berilýär. Ulgamyň işini ilerletmekde toplumlaýyn özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň baş maksady-da türkmen ýaşlarynyň dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda bilim almaklaryny we kämilleşmeklerini gazanmakdyr. Bilim edaralarynda sanly tehnologiýalaryň we innowasion usulyýetleriň mümkinçilikleriniň peýdalanylmagy netijesinde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde, bilim we terbiýeçilik işlerinde okatmagyň öňdebaryjy usullaryny, ylmyň gazananlaryny, innowasion tehnologiýalary giňden ulanmak bilen daşary ýurt dillerini has-da çuňlaşdyryp öwretmek işinde ýokary netijeler gazanylýar.

     Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň meýilnamasyna laýyklykda daşary ýurt dilleri boýunça okadylýan dersleriň sanynyň artdyrylmagy türkmen ýaşlarynyň geljekde dürli ugurlardan baş çykarýan kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine giň ýol açýar. Bulardan başga-da daşary ýurtlaryň bilim we ylym merkezleri bilen gatnaşyklaryň ykjam häsiýete eýe bolmagy, halkara derejeli hünärmenler bilen duşuşyklaryň, okuw maslahatlarynyň, bäsleşikleriň, dünýä tejribesini ulanmaga hem-de okatmagyň täzeçil usullarynyň ornaşdyrylmagyna bagyşlanan çäreleriniň guralmagy bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede dolandyrmaga we berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen wideoşekilli maslahatlaryň yzygiderli guralmagy ýaşlaryň kämilliklerini has-da artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen mekdebe çenli bilim edaralarynda hem çagalara daşary ýurt dilleriniň öwredilişi has-da çuňlaşdyrylýar. Bu bolsa körpeleriň dil öwrenmek endiklerini ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedir.

     Ýaşlara daşary ýurt dillerini öwrenmäge, dürli ugurlardan baş alyp çykýan başarjaň hünärmenler bolup ýetişmäge giň şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.

 

Arzuw RAHMANOWA,

TMÝG-niň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 29 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 24 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 74 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA