MASLAHATLY BIÇILEN DON GYSGA BOLMAZ

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwletimiziň durmuşy bilen baglanyşykly möhüm syýasy wakalar, gazanylýan beýik ösüşler, ýetilýän belent sepgitler ýurdumyzyň depginli ösmegine uly itergi berýär. Bu beýik özgertmeler halkymyzy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşdirip, watandaşlarymyzyň ýurdumyzyň rowaçlanmagy ugrunda alyp barýan zähmet joşgunyny has-da artdyrýar. Şeýle hem berkarar döwletimizde şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine we parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatyň giňden gatnaşmagynyň üpjün edilmegi ildeşlerimizi beýik işlere ruhlandyrýar. Bu asylly ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilmegi bolsa jemgyýetimizde milli demokratiýany ösdürmekde gazanylýan üstünlikleriň üstüni ýetirýär. Biz bu hakykata Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleriniň mysalynda hem göz ýetirýäris.

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň işgärleridir işjeň agzalary hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýetini ilatyň arasynda düşündirmek ugrundaky işlere işjeň gatnaşýarlar. Golaýda Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň Medeniýet öýünde geçiren maslahatymyz hem öňde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine bagyşlandy. Oňa etrabyň edara-kärhanalarynda, bilim-ulgamynda işleýän watandaşlarymyz gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilýän kararlaryň we il-ýurt bähbitli çözgütleriň türkmen halkynyň asuda, bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýändigini uly buýsanç bilen nygtaldy.

 

Nursoltan MAKSUDOWA,

TMÝG-niň Saýat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 18 okalan

HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYK DÄPLERINE EÝERIP

22 Noýabr 2024 | 15 okalan

DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

20 Noýabr 2024 | 5941 okalan

MERDANA OGLANLAR BÄSLEŞDILER