YKDYSADYÝET: YLYM WE INNOWASIÝA

Hormatly Prezidentimiz 2017-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ähli durmuş ugurly pudaklaryň toplumlaýyn ösdürilmegini üpjün etmegiň, ýokary hilli bilim bermegiň, jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamagyň zerurdygyny, hususan-da, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna täze tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ylmy-tehniki döredijiligiň, amaly barlaglaryň ösdürilmegine hem-de häzirki zaman ylmynyň düýpli esaslarynyň kemala getirilmegine gönükdirilmelidigini aýratyn nygtady.

Ýurdumyzyň ösüşlerinde ylym we innowasiýa ulgamynda gazanylýan üstünlikler uly ähmiýete eýedir. Bu beýik işleriň hormatly Prezidentimiziň ylmy öňegidişlige, innowasion ilerlemelere we ykdysady netijelilige berýän ägirt uly ünsüniň oňyn netijesidigini aýratyn bellemek zerurdyr. Sebäbi jemgyýetimiziň ösüşiniň häzirki tapgyrynda ykdysadyýetimiziň hil taýdan täze derejelere çykmagyna ýokary öndürijilikli pudaklarda gazanylýan sepgitleriň, nazary, amaly bilimleriň we informasion tehnologiýalaryň ähmiýeti gönüden-göni täsir edýär.

Şoňa görä-de, ýurdumyzda innowasion düzümiň işjeň döredilmegine, barha kämilleşýän, ylmy taýdan tutumly tehnologiýalaryň gazananlarynyň giňden ornaşdyrylmagyna we olaryň esasynda taýýarlanylýan önümleriň hiliniň ýokarlandyrylmagyna hem-de ýurdumyzda öndürilen harytlaryň daşary ýurtlara çykarylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: “Biziň häzirki kuwwatly nanotehnologiýalar, nou-haular, täsin oýlap tapyşlar asyrymyzda hem ylmyň adamzadyň durmuşynda esasy orny eýeleýändigini aýratyn bellemelidiris”.

Döwrebap ykdysady-innowasion düzümi emele getirmek babatda ýurdumyzda asyrlara ýaň saljak işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda Tehnologiýalar merkeziniň döredilmegi, bu ugurda işlejek ýaş hünärmenleriň taýýarlanylýan ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň açylmagy, täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrýan merkezleriň, döredilýän önümleriň hilini gözegçilikde saklaýan, döwrebap tehniki enjamlar bilen üpjün edilen barlaghanalaryň işläp başlamagy munuň aýdyň nyşanydyr. Bu amala aşyrylýan işler ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýetini emele getirýän ylmy binýatlaryň esasyny düzýär.

Biziň ýurdumyz dürli tebigy baýlyklara — organiki we organiki däl maddalara, minerallara, uglewodorod serişdelerine, suwlara, çägelere baý ülkedir. Bu baýlyklaryň esasyny düzýän maddalaryň innowasion usullar arkaly fiziki-himiki häsiýetlerini düýpli öwrenmek, olaryň esasynda alnan täze maddalardan gurluşyk, senagat, dokma, durmuş maksatly materiallary döretmek, täze polimer, kompozit, sintetik maddalary sintezlemek, oba hojalygy üçin zerur bolan ynsan saglygyna zyýansyz dökünleri almak, himiýa senagatyny we himiki tehnologiýalary ösdürmek, ýurdumyzda ylmyň täze nanotehnologiýa ugruny kemala getirmek şu günüň ösüşiniň esasy talaplarydyr.

Ýurdumyzyň tebigy baýlyklary bilen bir hatarda köpugurly tebigy biodürlüligi ylmy taýdan öwrenmek hem-de gorap saklamak iňňän derwaýysdyr. Oba hojalygynyň, lukmançylygyň, derman we azyk senagatlarynyň meselelerini düýpli öwrenmek, ylmyň molekulýar biologiýa, genetika, gen inženeriýasy, bioinženeriýa, biolukmançylyk, nanolukmançylyk, biofarmakologiýa, bioinformatika ugurlaryny, umuman, biotehnologiýany ösdürmek ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň innowasion ösüşi üçin iň wajyp ugurlaryň biridir. Biotehnologiýanyň häzirki zaman usullary bilen oba hojalyk ekinleriniň, mallaryň seçgi işlerini geçirmek, täze görnüşlerini döretmek, dürli azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň önümçiligini ýola goýmak we başgalar ykdysady-innowasion ösüşiň aýrylmaz bölegidir. Görnüşi ýaly, häzirki zaman ylmy-tehniki ösüşi, sazlaşykly hereket edýän innowasion düzümi emele getirip, şonuň esasynda hem täze önümleri, nanomateriallary döretmekden we olary ulanmakdan üzňe göz öňüne getirmek asla mümkin däldir.

XXI asyrda innowasion ösüşi üpjün etmekde oýlap tapyşlara, täze tehnologiýalara, nou-hau maglumatlaryna esasy orun degişlidir. Sebäbi döwletimiz kämil tehnologiýaly döwrebap harytlary öndürmekde dünýä bazaryna ynamly gadamlar bilen goşulýar. Şol bir wagtda ykdysady taýdan bähbitli we elýeterli, häzirki zaman durmuş amatlyklaryny döredýän tehnologiýalar durmuşyň ähli ugurlarynda yzygiderli ornaşdyrylýar. Dünýäniň bazar ykdysadyýetiniň şeýle işjeň gatnaşyklarynda Türkmenistanyň öz mynasyp ornuny eýelemegi, biziň milli aňyýetimizde täze düşünjeleriň, aňlatmalaryň, sözleriň ornaşmagyna hem esas berýär. Innowasion ösüşiň esasyny düzýän önümçilik tehnologiýasy bilen bagly bagtyýar ýaşlarymyz tarapyndan öwrenilmegi wajyp düşünjeleriň “nou-hau” maglumatlar ulgamydyr.

Biz dükanlara baranymyzda häli-şindi dürli ululykly, geň-enaýy görnüşli, täsin gurluşly harytlara gözümiz düşýär. Şeýle harytlar ulanmaga amatlylygy, durmuş eşretini artdyrmaga hyzmat edýändigi üçin bizi derrew özüne çekýär. Olary elläp görenimizde, dessine onuň ýasalyş tehnologiýasy barada oýlanýarys. Sebäbi, islendik haryt biziň elimize gowuşýança, ilki onuň oýlap tapylyş esaslary, soňra kämil önümçilik tehnologiýasy hem-de önümçiligiň guralyşy, bazarlara ýetirilişi ýaly iş tapgyrlaryny geçýär. Şeýle harytlaryň önümçilik esasynda bolsa alymlaryň zehin-yhlasy siňen oýlap tapyşlary durýar.

Täze oýlap tapyşlar gündelik durmuşymyzda datly naz-nygmatlary döretmegiň usulyýetine-de degişlidir. Islendik taýýar nygmat saçaga äberilýänçä onuň taýýarlanyş esaslaryny, usullaryny öwrenmeli bolýarys. Kähalatda özümiz hem täze tagamy oýlap tapýarys. Eger-de biz ony satmak üçin niýetlesek, onda taýýarlanyşyň syryny gorap saklamaly bolýarys. Biziň gürrüňini edýän “nou-hau maglumatlarymyz” hem oýlap tapyşlaryň esasyny emele getirýän nazary pikirler, usullar, başarnyklar bilen baglydyr.

Mälim bolşy ýaly, “nou-hau” iňlis sözi bolup, “önümi işläp düzmegiň esaslary baradaky maglumatlar” ýa-da “önümçiligiň syry” diýmegi aňladýar. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde önümçilige ornaşdyrylýan islendik bir täze oýlap tapyşyň, tehnologiýanyň ýa-da müşderileriň ýokary talaplaryny ödeýän önümiň taýýarlanyş aýratynlygynyň, nazary esasynyň syrlaryny özünde jemleýän nou-hau maglumatlary örän ygtybarly goralyp saklanmaga degişlidir. Çünki munuň özi täze döredilen önümi bazara işjeň ornaşdyrmaga ýa-da söwda-telekeçilik işinde bäsleşik emele getirmäge ukyply harydy döretmäge ýardam edýär. Şoňa görä-de, oýlap tapyşyň ýa-da täze döredilýän önümiň nou-hau maglumatlary döwletiň degişli edaralary tarapyndan hasaba alynýar hem-de telekeçilik syry hökmünde ygtybarly goralýar. Munuň üçin täze döredilen önüme patent — şahadatnama berilýär.

Nou-hau maglumatynyň önümçilik, ykdysady, tehniki, guramaçylyk ýaly ugurlara degişli birnäçe görnüşleri bolýar. Islendik önümiň tehnologiýasynyň, telekeçilik gyzyklanmasyny döredýän ýa-da haryt önümçiligine degişli syry saklaýan nou-hau maglumatlary bolýar. Şonuň üçin nou-hau maglumatlaryny dürs we ýerlikli, döwlet tarapyndan ygtyýarlandyrylan we hereket edýän kanunçylyk namalaryna laýyk gelen ýagdaýynda ulanmak maslahat berilýär. Sebäbi nou-hau maglumatlary esasynda döredilen önümler isleg bildirýän tarapa ony ulanmaga ýa-da başga bir zerur tehnologiýany düzmäge hyzmat edip biler. Bolmanda, ony satyp, gazanç etmek gyzyklanmasyny döretmegi mümkin. Şonuň ýaly-da, nou-hau maglumatyny döredijiden satyn alan tarapyň onuň syrlylygyny gorap saklamagy zerur. Munuň üçin, adatça, edaranyň ýa-da şereketiň ýolbaşçysy öz işgärleri bilen önümçiligiň nou-hau maglumatlarynyň syryny gorap saklamak babatda şertnama baglaşýar. Käbir edarada şeýle wajyp önümçilik maksatly maglumatlar bilen işleşýän hünärmeniň ýerine ýetirýän işi dürli barlag enjamlary arkaly gözegçilikde saklanylýar. Görnüşi ýaly, nou-hau maglumatyny ulanmagyň kabul edilen döwlet kanunçylyk namalary, guramaçylyk we tehniki aýratynlykly şertleriň berk berjaý edilmegini talap edýär.

XXI asyr täze oýlap tapyşlaryň hem-de ösen tehnologiýalaryň asyrydyr. Ösen maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary bütin dünýäde iň çalt ösýän ugurlaryň birine öwrülmek bilen, nou-hau maglumatlaryny ygtybarly goramaga hyzmat edýär. Munuň özi kompýuter we aragatnaşyk serişdelerini, programmalaryny döretmek hem-de kämilleşdirmek, önümçiligi awtomatlaşdyrmak, maglumat ulgamlary, «elektron hökümeti», geografiki maglumat ulgamlaryny döretmek, hadysalary ulgamlaýyn öwrenmek we olary dolandyrmagyň täze usullaryny işläp düzmek bilen baglydyr. Häzirki zaman dünýäsinde maglumat, aragatnaşyk we kompýuter tehnologiýalaryny ulanman, ykdysadyýeti ösdürmek mümkin däl.

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ylmy esasly innowasion senagat, jemgyýetiň gülläp ösüşiniň binýady bolan bäsdeşlige ukyply innowasion ykdysadyýet kemala gelýär. Häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen täze edara-kärhanalar gurulýar, bar bolanlary bäsleşige ukyply önümleri öndürmäge niýetlenen döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Şunda düýpgöter täze tehnikalarda we tehnologiýalarda öz ornuny tapýan ylmy pikirleriň we çözgütleriň, nou-hau maglumatlaryň başlangyjy bolan ylmyň ähmiýeti has hem artýar.

Ýurdumyzda ylym-bilimiň ýokary derejede ösdürilmegi, önümçilige döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

Maýsa AGAMYRADOWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.

“Nesil” gazeti,

01.03.2017ý.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2025 | 54 okalan

ÝAŞLAR – MIRASYŇ DOWAMY

20 Noýabr 2025 | 143 okalan

BAG EKMEK — ÖMRE DOWAMAT

19 Noýabr 2025 | 47 okalan

WATANSÖÝÜJI BAGTYÝAR ÝAŞLAR