Halkara zenanlargününiň öňüsyrasynda halkymyzyň: «Il görki öý bolar, ýaz görki — toý» diýen gadymy pähimi dürli öwüşginleri bilen kalplarymyza şatlyk eçildi. Gül-läleli ýaz paslynyň uz basyp gelmegi bilen tutuş ýurdumyz älemgoşar öwüşginli toý lybasyny geýdi. Diýarymyzyň ähli ýerinde ýaz ýakymly gözellerimiziň baýramy ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçildi. Mährem enelerimiz, gelin-gyzlarymyz ýaz gülleri bilen gutlandy.
Durna-jümjümeli, ýuwa-ýelmikli, zyba sypatly, gyzdan gylykly bahar pasly, aýratyn hem, joşup-daşyp, lummurdap-sülmüräp akyp, ekin zarlygymyzy gül-güzarlyga öwürýän Amyderýanyň jana ýakymly mukamlaryny halal zähmetiniň aýdymyna öwrüp ýaşaýan halkymyz, şol sanda lebaplylar üçin şatlyk-şagalaňyň, dost-doganlygyň, mähirli goňşuçylyk gatnaşygynyň baýdagy bolup parlady.
Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň gadymy Lebap topragynda saparda bolmagy halkymyzyň buýsanjyny ganatlandyrdy. Bu ýerde Türkmenabat — Farap demir ýol we awtomobil köprüleriniň ulanylmaga berilmegi, Türkmenabat şäherinde Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň ýadygärliginiň we onuň adyny göterýän köçäniň açylmagy goňşuçylyk gatnaşyklarymyzyň has-da pugtalandyrylýandygyny äşgär etdi.
Halkymyzda guýy gazmak, ýol we köpri gurmagyň sogaby barada ençeme pähimler bar. “Içit guranyň hulky abat, geçit guranyň durky” diýen gadymy pähimi ýaşulularymyzdan ýygy-ýygydan eşitmek bolýar. Hanasyna sygman pagşyldap, güwşüldäp saz eýleýän, kenaryna tolkun atýan Jeýhunyň üstünden öň hem Gahryman Arkadagymyzyň il ähmiýetli tagallalarynyň netijesinde Atamyrat — Kerkiçi demir we gara ýollary gurlup, ulanylmaga berildi. Bu günki gün edil şolar ýaly goşa köpriniň — Türkmenabat — Farap demirýol we awtomobil köprüleriniň ulanmaga berilmegi lebaplylaryň toý şatlygyny goşalandyrdy. Derýanyň boýnunda bu begençli taryhy wakanyň şanyna uly toý tutuldy. Gyz gupbasy ýaly lowurdap duran akja köprüleriň üstünde ýaz ýeline parlap duran al-ýaşyl baýdaklar göýä makullaýjylyk bilen baş atyşýana çalymdaşdy. Hatarlanyşyp duran alty ganatly ak öýler, iki ýurduň dostlukly gatnaşyklarynyň şanyna guralan dabaralar toý ruhuny has hem ýokary galdyrdy. Doganlyk ýurtlaryň sungat ussatlarynyň şirin aýdymlarydyr göçgünli tanslary bolsa, baýramçylyk joşgunyny has-da goşalandyrdy.
Bize olaryň birnäçesiniň ýürek sözlerini diňlemek miýesser etdi. Özbek saz gurallarynyň ussasy Habybulla Imamow tüýs ýürekden begenç duýgularyna beslenip, şeýle gürrüň berdi:
— Türkmen we özbek halklary asyrlarboýy goňşy ýaşap, mähirli gatnaşyklary saklapdyrlar. Şeýle mäkäm gatnaşyklar biziň medeniýetimize, sungatymyza gözellik we meňzeşlik çaýypdyr. Men ençeme ýyldan bäri özbek halk saz gurallaryny ýasamak bilen meşgullanýaryn. Biziň naý, rubap, doýra, tar ýaly milli saz gurallarymyz türkmen ussalarynyň çeper elleriniň sungaty bolan dutar, deprek, naý, tüýdük ýaly saz gurallary bilen edil ekiz doganlar ýaly meňzeş görünýär. Men muňa diýseň begenýärin. Türkmenistana birinji gezek gelýärin. Türkmen halkynyň her bir sungat eseri, milli şaý-sepleri, dokma önümleri, milli lybaslary mende aýratyn täsir galdyrdy. Olaryň nepisligi, owadanlygy ynsana ylham berýär. Aýratyn hem türkmen halylary, şaý-sepleri gözelligi bilen tapawutlanýar. Bu goşa baýrama milli lybaslaryny we şaý-seplerini dakynyp çykan türkmen gözellerini görüp, nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň: “Güne garşy dogan Aýy gözel sen” diýen setirleri ýadyma düşdi. Türkmen topragyna gelip, şeýle mübärek toý-baýrama gatnaşmaga mümkinçilik döreden Türkmenistanyň hormatly Prezidentine tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn.
Özbek halkynyň çeper sungaty heýkel işlerinde, milli lybaslarynda, ussatlyk bilen çekilen suratlarda, nepislik bilen ýasalan el işlerinde möhür ýaly öz yzyny goýupdyr. Biz oňa dabaranyň şanyna guralan sergide şaýat bolduk. Özbegistanyň halk ussasy Alyşer Narzullaýewiň külal işleri, Özbegistanyň halk suratçysy Akmol Nuruň çeken suratlary kalbyň inçe tarlaryna kakyp goýberýär. Suratçy Akmol aganyň ýönekeýje galam arkaly döreden gözelligi ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Ak kagyza aşyk-magşugyň diňe ýüzleri çekilen hem bolsa, tutuş bir eseriň göz öňüne gelmegi suratçynyň saçlarynyň ýöne ýere agarmandygyndan habar berýär. Içi nagyşly palow mejimeleri, dürli küýzeler, käseler, sowgatlyklar ýönekeýje palçykdan gudrat döreden külalyň işine örän ezberdigini görkezýär. Soraşyp otursak, külal ussasy Alyşer aganyň ata-babalary hem bu halal senede gol beripdirler. Halkymyzyň “Külal senet — halal senet” diýen dürdäne sözleriniň has dogrudygyna, onuň ogullarynyň hem-de agtyklarynyň hem bu işlere gol berendigi şaýatlyk edýär.
Şirin aýdymlaryň, ýürekleri melul ediji ýakymly sazlaryň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda ähmiýeti uludyr. Ony welaýat merkezindäki Ruhyýet köşgünde geçirilen türkmen we özbek sungat ussatlarynyň dostluk konserti aňrybaş derejede mälim etdi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Özbegistanyň Prezidentiniň bu ýere gelmegi dostluk konsertiniň ähmiýetini has-da artdyrdy. “Dostluk ýollary” atly kompozisiýa bilen başlanan konsert baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlaryň ruhlaryny has belende galdyrdy. Özbegistanyň halk artisti Farruh Zakirowyň we onuň ýolbaşçylyk edýän “Ýalla” tans toparynyň ýerine ýetiren “Dostluk aýdymy” kalplary joşdurdy.
Konsertde hormatly Prezidentimiziň sözlerine we sazyna döredilen “Leýlisaç barada rowaýat” atly aýdymyň Özbegistanyň halk artisti Ozotbek tarapyndan aýdylmagy we tansçy gyzlar tarapyndan tansynyň ýerine ýetirilmegi has hem täsirli boldy. Ýar wepasy bilen leýlisaça öwrülen türkmen gyzy hakyndaky bu ýakymly aýdym Aýdan owadan, Günden nurana, edep-ekramly, eli işli, zähmete gaýym gözellerimiziň tarypy bolup ýaňlandy. Çyn söýginiň sönmez gözelligini kalbyňa nagyşlap, öz halkyňa, milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza sylag-sarpaňy artdyrýan bu aýdymyň täsiri ýüreklere ornady. Dostluk konsertiniň dowamynda iki ýurduň bilelikde ýerine ýetiren aýdym-sazlarynyň ýaňlanmagy, özbek aýdymçylarynyň Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen şirin aýdymlary ýerine ýetirmegi goňşuçylyk sylag-sarpasynyň dowamatdygynyň özboluşly beýany boldy. Bahar gülleri ýaly näzik, keýik ýaly bökjekläp tans edýän özbek gyzlarynyň tanslary akylyňy haýran edýär.
Salykatlydan agramly, güler ýüzlüden edaly türkmen tansçy gyzlarymyzyň sülmüräp, ýaz ýakymyna beslenip guran döwreleri tansçy ýigitlerimiziň durmuşa bolan joşgunyny äşgär etdi. Ýaşlarymyzyň çalasynlyk bilen tans oýnamaklary hormatly Prezidentimiziň gözellik, çeýelik, owadan kaddy-kamatlylyk babatdaky sargytlaryna wepalydyklarynyň aňlatmasydyr. Ýurdumyzda ýaşlaryň sport, tans, aýdym-saz bilen köpçülikleýin meşgullanmaklary, ylym-bilim almaklary diýseň buýsançlydyr.
Şu ýylyň sentýabr aýynda paýtagtymyzda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna ykjam taýýarlyk görýän türkmen ýaşlary aýdym-sazyň, tansyň we sportuň ynsan ruhunyň belent, bedenleriň berk bolmagynda aňrybaş ähmiýetiniň bardygyna düşünýärler. Olary synlap, şeýle nesil dowamaty bolan halk bagtlydyr diýip oýlanýarsyň. Ýaşulularymyz: “Aýdym-sazy, bahar-ýazy, toý-baýramy goşa-goşadan gelýän halk Hakdan halatlydyr” diýýärler. Ylaýym, şeýle bolsun, baky bahar-ýaza öwrülen bereketli türkmen topragy elmydama toýlara beslensin! Halkymyzyň döwletli döwranlaryny toý-baýramlara öwürýän, döwrümizi gülledip, ömürleri altyn-nura besleýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, ähli işleri rowaç bolsun!
“Nesil” gazeti,
09.03.2017ý.