ÝAŞLARYŇ DÖWRI BAGTYÝAR, GELJEGI — RÖWŞEN!

Hormatly Prezidentimiziň berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň berkemegine, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlanmagyna gönükdirilen düýpli özgertmeleri, parahatçylyk we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasaty, döretmek we gurmak başlangyçlary rowaçlyklara we üstünliklere beslenip, bagtyýar ýaşlarymyzy çäksiz buýsandyrýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Bu bolsa mähriban Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Munuň özi milli Liderimiziň «Bilimli nesil — kuwwatly Watan», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen gymmatly şygarlardan gelip çykýan, döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösmegine uly itergi berýän giň gerimli milli we döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň netijesidir.

Bagtyýar durmuşda ýaşaýan, döredýän, gurýan mähriban ýaşlarymyz milli Liderimiziň ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrýan, demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizi ösüşiň täze belent derejelerine çykarýan, eziz Diýarymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýyny, şan-şöhratyny we ornuny has-da ýokarlandyrýan beýik başlangyçlaryna, öňdengörüjilikli we oýlanyşykly syýasy paýhasyna, ynsanperwerlik ýörelgelerine guwanýarlar. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda tassyklanylan «2015 — 2020-nji ýyllarda Türkmenistanda iş bilen üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň Maksatnamasy» hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy hereket edýär. Bu resminamalar raýatlaryň, şol sanda ýaşlaryň zähmete bolan hukuklaryny amala aşyrmak üçin, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak hem-de ýurdumyzyň önümçilik güýçlerini ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri we şertleri döretmäge ýardam edýär. Bagtyýar ýaşlarymyz Watanymyzyň ähli sebitlerini öz içine alýan iri möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar we beýik işlere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň esasynda, senagat, medeni-durmuş, ulag-aragatnaşyk we beýleki maksatly köpsanly desgalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi asylly başlangyçlaryň rowaç alýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyny, halkymyzyň ýaşaýyş we durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny ugur edinýän birnäçe täze möhüm taslamalar durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda täze döwrebap obalaryň gurulmagy, olarda ýaşaýyş üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi, berkarar döwletimiziň häsiýetli aýratynlygydyr. Ýurdumyzyň durmuş ulgamy ykdysadyýeti döwlet tarapyndan kadalaşdyrmagyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ulgamdaky ýagdaý köp babatda ýaş işçi güýçleriniň artmagyny, olaryň mukdaryny we hilini, öndüriji güýçleriň ylmy-tehniki ösüş derejesini, jemgyýetiň medeni we ruhy ösüşini kesgitleýär. Saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, durmuş üpjünçiligi we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamlary, ýaşaýyş-jemagat hojalygy onuň binýatlaýyn düzümleridir. Ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk kärhanalarynyň iş netijeleriniň ýokarlandyrylmagy girdejileriň artmagyna oňyn täsir edýär. Şeýle hem ilat üçin ençeme durmuş ýeňillikleriniň saklanyp galýandygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň her ýylda ýokarlandyrylmagy hem türkmen halkynyň abadançylygynyň barha gowulanýandygynyň esasy alamatlarynyň biridir.

Arkadag Prezidentimiziň uzak geljegi nazarlaýan oýlanyşykly syýasaty berkarar Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösmeginiň, halkara giňişliginde barha belende galýan abraýynyň has-da artmagyna ýardam edýär. Bu günki gün döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda deňi-taýy bolmadyk üstünlikleri we zähmet ýeňişlerini gazanýan Türkmenistan dünýäniň iň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşuldy. Arkadag Prezidentimiziň «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny tassyklamak» hakyndaky Karara gol çekmegi bu ugurda uly ähmiýete eýedir.

Diýarymyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda okuwlary häzirki zaman usullarynda geçmäge mümkinçilik berýän kompýuter, multimediýa enjamlarynyň ornaşdyrylmagy, olaryň internet ulgamyna birikdirilmegi ýaşlara bilim bermek, hünärmenleri taýýarlamak işini dünýä ölçegleriniň talaplaryna laýyk ýola goýmaga we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge giň ýol açýar. Okuw işine innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen bilimiň hili has-da ýokarlanýar. Şonuň netijesinde bu gün ýurdumyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösüşine işjeň goşulyşýar. Ýurdumyzda halkara ylym-bilim sergileri, ylmy maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Mekdep okuwçylary we talyp ýaşlar dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän halkara ders bäsleşiklerinde ýokary netijeleri gazanýarlar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde her ýylyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan edilmegi baradaky Rezolýusiýanyň kabul edilmegi, ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň netijeli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Türkmenistan soňky ýyllarda hyzmatdaş ýurtlar bilen bilelikde ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda halkara ähmiýetli giň möçberli taslamalaryň ençemesini üstünlikli durmuşa geçirýär. Olaryň hatarynda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hem geljekde türkmen tebigy gazynyň täze geljegi uly bazarlara uzakmöhletli iberilmegini üpjün etjek Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyny görkezmek bolar.

Şeýle taryhy wakalaryň biri hem, hormatly Prezidentimiziň hem-de ýakynda döwlet sapary bilen ýurdumyza gelen Özbegistanyň täze saýlanan Prezidentiniň gatnaşmaklarynda Lebap welaýatynda Amyderýanyň üstünden gurlan Türkmenabat — Farap demir ýol we awtomobil köprüleriniň açylmagydyr. Şeýle hem Türkmenabat şäherinde Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň ýadygärliginiň açylmagy hem-de merkezi köçeleriň birine onuň adynyň dakylmagy türkmen-özbek halklarynyň arasyndaky mizemez hyzmatdaşlygyň täze derejä çykarylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda goňşy döwletler bilen dostlukly hyzmatdaşlygy ösdürmek, taryhy gymmatlyklarymyzy dikeltmek, belent ruhy-ahlak ýörelgelerimizi, milli däplerimizi has-da baýlaşdyrmak we dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan ägirt uly işler ýaşlary çäksiz buýsandyrýar.

Häzirki döwürde jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek hem-de ornaşdyrmak, ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Milli Liderimiz köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary derejeli sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Eziz Diýarymyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda, şäherlerinde gurlan döwrebap stadionlar, atçylyk sport toplumlary, köpugurly saglyk merkezleri, şypahanalar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda şu ýylyň sentýabr aýynda paýtagtymyzda geçiriljek halkara sport baýramçylygyna — Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna uludan taýýarlyk görülýär. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende göterer.

Köpçülikleýin bedenterbiýäni we Olimpiýa hereketini ösdürmek, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, zehinli we geljegi uly ýaş türgenleri ýüze çykarmak, türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda ýokary görkezijileri gazanmaklary üçin ähli zerur şertleri döretmek yzygiderli dowam etdirilýär. Şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň beýik göreldesinden ruhlanýan ýaşlarymyz sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini özlerine ýörelge edinýärler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän milli Liderimiziň jany sag, başy dik, ähli işleri hemişe rowaç bolsun!

Soltangeldi BABAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň  Merkezi Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

14.03.2017ý.

Meňzeş habarlar

20 Awgust 2025 | 72 okalan

SANLY BILIM — GELJEGIŇ AÇARY

20 Awgust 2025 | 65 okalan

MANYLY ÖMÜR NESILLERE NUSGALYKDYR

20 Awgust 2025 | 60 okalan

AWAZA – HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ MERKEZI