Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşyň bezegi, zeminiň gelşigi hasaplanýan baglary köpeltmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek ýaly sogaply işiň döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň birine öwrülmegi guwandyryjydyr.
Baharyň gelmegi bilen paýtagtymyz Aşgabat ýaşyl baglara,läle-reýhan güllere beslenýär.Ak mermer binalary iň köp şäher hökmünde “Ginnesiň rekordlar kitabyna” girizilen Aşgabat täze binagärlik ajaýyplyklary bilen göreni haýrana goýup, dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmünde tanalýar.Ýurdumyzda halkymyzyň amatly durmuş gurşawynyň döredilmegine, milli binagärlik keşbinde gurulýan ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik we medeni durmuş ähmiýetli desgalaryň we binalaryň, seýilgähleriň, şaýollaryň gurluşygynyň gerimini has-da giňeltmäge uly üns gönükdirilýär. Bu desgalaryň tebigy gurşaw bilen ajaýyp sazlaşygyny üpjün etmek şu günüň möhüm wezipesi bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, şäher ýerlerinde gurluşyk işleriniň ekologiýa nukdaýnazaryndan oňaýly durmuşa geçirilmegi milli binagärlik sungatynyň landşaft bezeg usullarynyň kämilleşmegine itergi berýär. Durmuşyň, ylym-tehnikanyň ösdügiçe, adam bilen tebigatyň baglanyşygyny dabaralandyrýan bezeg ýörelgeleri barha giň ähmiýete eýe bolýar. Bu gün bag-bezeg işleri milli binagärlik däplerinde has-da meşhurlyga eýe bolýar. Esasan, kerkaw, leýlisaç, derek, arça ýaly agaçlar şähergurluşygyna üýtgeşik gözellik çaýýar.
Häzirki zaman binagärlik-gurluşyk ulgamynda desgalaryň, binalaryň tebigat bilen sazlaşykly utgaşmagyna uly ähmiýet berilýär. Binalaryň daş-töwereginde suw çüwdürimleri gurulýar, seýilgähler, dürli güllerden,ösümliklerden,baglardan bezeg şekilleri döredilýär, gül we bag ekilýär.Güllerden döredilýän täsin gözellikler,dürli owadan şekiller göreni haýran galdyrýar.Bu babatda Aşgabat şäheriniň görnükli ýerlerinde, köçeleriň çatryklarynda, gyralarynda ösüp oturan agaçdan ýasalan dürli haýwanlaryň şekilleri – holtumyny göterip duran, ýasygulak piljagaz, ördekler, tawus, elleriň aýasyndaky guşlar, towşanjyk, güllerden doly sebet, küýzäniň içinden çogup çykýan güljagazlar ýaly şekilleri mysal getirmek mümkin. Şeýle gözel görnüşler, ajaýyp seýilgäh zolaklary, suw çüwdürimleri göreniň göwnüni göterýär, adaty aladalar bilen barýan ýolagçynyň hem şähdini açýar.
Ýurdumyzy ýaşyl baglyga büremekde bimöçber tagalla edýän Arkadag Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys.
Ahmet BABAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
Institutynyň mugallymy, institutyň
Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.
“Nesil” gazeti,
25.03.2017ý.